Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlary ebedi şöhratlandyrylýar. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran köp sanly şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary hakydalarda baky ýaşaýar.
Şeýle ägirt zehinleriň biri-de, dünýä medeni mirasynyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Ol türkmen topragynyň sähralyklaryndan we çöllerinden, daglaryndan we düzlüklerinden, deňzinden we derýalaryndan, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan ylham alan hem-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardyr. Bu bolsa dünýäniň gadymdan gelýän ylym we bilim taglymatlaryny, medeniýetlerini hem-de sungatlaryny özünde jemleýän gadymy siwilizasiýa merkezleriniň hatarynda mynasyp orun alýan eziz Watanymyzyň keramatyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 2024-nji ýylda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu şanly senäni dabaraly bellemek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Bu günki gün dana şahyryň şygyrlarynda beýan eden arzuw-umytlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarda täze belentliklere beslenýändigi aýdyň görünýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň merkezi kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň kakasy, ilkinji halypasy, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur “Wagzy-Azat” eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy halkymyzyň beýik şahsyýetlere aýratyn hormat goýýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Onuň goşgulary biziň ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýaşap gelýän menzil-mekanyny, türkmen tebigatyny, türkmeniň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Onuň döredijiligi bolsa geljekki ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Çünki, çeper söz ussadynyň umman ýaly giň döredijilik äleminde erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirleri jemlenendir. Beýik Pyragynyň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, adamzat nesliniň ruhy sagdynlygyny üpjün edýän esasy sütünleriň biridir. Ussat şahyryň:
Asla adamzada ajy söz urmaň,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
ýaly setirlerinde adamkärçilik, hoşniýetlilik, süýjisözlülik, ynsanperwerlik ýaly hoşniýetli häsiýetler wasp edilýär.
Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar. Ençeme asyrlardan soňra hem Magtymgulynyň öz döredijiliginde beýan eden beýik taglymlary, onuň Watanyna bolan çäksiz buýsanjy Türkmenistanda ýaşaýan adamlar üçin hem, dünýä döwletlerinde ýaşaýan raýatlar üçin hem ýakyndyr we düşnüklidir. Beýik zehin üçin serhet ýokdur, ol döwre we aradaşlyklara garamazdan, ynsan kalbyny tolgundyrmaga ukyplydyr.
Üstünden asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik akyldar şahyrynyň şygyrlary häzirki günlerimize çenli öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alyp gelýär. Çünki ýokarda bellenilişi ýaly, şahyryň döredijiliginde türkmeniň milli däp-dessurlary, geýinmek medeniýeti, salamlaşmak, hal-ahwal soraşmak edähedi, ata-eneňi gözüň göreji ýaly arzylamak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleri çuňňur pähim–parasada ýugrulyp kämilleşdirilipdir. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň ruhy-ahlak mekdebinde ýekeje-de biarzy sözüň ýokdugynyň aýdyň nyşanydyr.
Madina ALYMJANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
1-nji ýyl talyby.