BEÝIK SÖZ USSADYNA SARPA

       Eziz Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny belende götermekde milli medeni gymmatlyklarymyz mynasyp orny eýeleýär. Sebäbi medeniýet hem ylymdyr bilim ýaly kämil jemgyýeti gurmakda şu günki hem-de geljekki nesilleriň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda ilkinji zerurlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmekde, olary ylmy taýdan düýpli öwrenmek arkaly dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren düýpli özgertmelerini üstünliklere besleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň hakydasynda mynasyp orun alan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa beslenen döredijiligi bilen tanşanlar türkmen halkynyň şöhratly geçmiş taryhynda adamzadyň ruhy-medeni ösüşine gymmatly goşant goşandygyna ýene bir ýola tutuş aýdyňlygy bilen göz ýetirýärler. Döredijiligi umumadamzadyň genji hazynasyna  öwrülen  Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaralandyrmak üçin giň gerimli çärelere badalga beren agzybir halkymyzyň toý şatlygyny artdyrandygyny hem bellemek gerek.

       Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi hem bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly geçirmek maksady bilen Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginde ýerleşýän beýik şahyryň bilim alan ojaklarynyň biri bolan Idrisbaba medresesinde «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — milli terbiýäniň nusgasy» diýen at bilen gezelenç guraldy. Gezlençde ýaşlar  akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watanymyzy, türkmen tebigatyny wasp edip döreden goşgularyny aýtdylar.

       Magtymguly Pyragy bu gün dünýä meşhurdyr. Ol beýik şahyr hem-de dana akyldar hökmünde uly sarpa mynasyp bolýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan şygryýet dünýäsi bu günki gün giňden öwrenilýär. Şahyryň indi üç asyra golaý wagt bäri halkyň dilinden düşmeýän goşgulary milli terbiýäniň nusgasyna öwrüldi. Magtymgulynyň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir we akyldar şahyryň döredijiliginiň gerimi giňdir. Onda durmuşyň islendik temasyna degişli şygyrlar bar. Onuň şygyrlary dünýäniň ençeme dilinde terjime edilip halk köpçüligi tarapyndan söýlüp okalýar. Berkarar döwlet akyldar şahyryň arzuw eden döwletidir. Niýetler päk bolanda, arzuwlar hasyl bolýar. Ençeme asyr arzuw edip, berkarar döwletli bolan türkmen halky bu gün durmuşyň eşretini görüp, bagtyýar zamanada ýaşaýar.

       «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň şygyrlary ýaş nesli iň gowy gylyk-häsiýetlerde terbiýeläp ýetişdirmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Gözel AMANSÄHEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER