Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi giňden baýram edilýän Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny ýagşylyk nury bilen bezemegi başaran türkmeniň akyldar ogludyr. Magtymguly Pyragynyň öz döwründe hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi dünýäde ykrar edilýär. Munuň şeýledigine akyldaryň şygyrlary doly güwä geçýär. Şahyryň döredijiligini ylmy taýdan öwrenijileriň aýtmaklaryna görä, onuň şahyrlyk derejesiniň ýokary bolşy ýaly, ol dürli ylymlardan hem baş çykaryp bilipdir. Şol sebäpli hem onuň goşgulary paýhaslylygy, pähimliligi, gözelligi bilen bir hatarda, ylmylygy bilen hem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň hem ünsüni çekmegi başarypdyr. Bu häzir hem şeýle. Şundan ugur alsak, onda «Magtymguly ähli döwürleriň şahyrydyr» diýilýän jümle juda ýerlikli aýdylandyr. Şahyr tebigy hadysalaryň yzygiderligi, ajaýyplygy, wajyplygy we beýlekiler barada özünden öňki şahyrlaryň aýdanlaryna salgylanyp, düşündiriş berýär, dünýäniň syrlaryny açmaga çemeleşýär, şeýlelik-de, dana şahyryň özi aýratyn bir dünýä öwrülýär.
Pyragynyň döredijiligine onuň özünden öň ýaşap geçen we gymmatly maglumatlary jemleýän eserleri ýazan alymlaryň, şahyrlaryň işleri güýçli täsir edipdir. Şahyryň «Neýläýin» goşgusyndaky:
Köňlüm istär gezsem dünýä-älemi,
Ganatym ýok, uça bilmen, neýläýin!
Okyr men, görer men barça kelamy,
Manysyny saça bilmen, neýläýin!
- diýen setirleriniň üsti bilen näçe köp okadygyňça, şonça-da az bilýändigiňe göz ýetirýändigiňe ýene bir ýola düşünýärsiň.
Magtymgulynyň döredijiliginde tebigat bilen adamyň arasyndaky özboluşly sazlaşyk, tebigatdan netijeli peýdalanmak, ony söýmek bilen baglanyşykly jümleler häli-şindi duş gelýär. Şahyryň «Duman peýda» diýen goşgusynda tebigatyň jana girişiniň örän täsin beýan edilşi bu pikirimizi tassyklap biler:
Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik gyýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanata hem sudu zyýan peýda!
Nowruz täze durmuşyň başlangyjy bolup, tebigatyň janlanmagynyň wagty gelendigini görkezýän alamatlary özünde jemleýär. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşmegi, howanyň gije-gündizki maýyllygynyň artmagy bilen, tebigatda uly özgerişlikler başlanýar. Bu ajaýyp günlerde daş-töweregiň görküni görmäge, synlamaga göz gerek bolýar. Türkmen tebigatynyň açylyp görkezilýän ajaýyp şygyrlarynyň biri hem şahyryň «Ýagşysyn» goşgusydyr. Bu eserinde akyldar şahyr haýwanat dünýäsiniň täsinliklerine şeýle ýüzlenýär:
Garga guş ýaraşmaz beýik baglarda,
Gül üstünde bilbil saýran çaglarda,
Ýeriň arkasynda, gençli daglarda,
Aždarha eýelär zawuň ýagşysyn!
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmeniň gözel tebigatynyň eýelän orny juda uludyr. Olary okadygyňça, şahyryň döredijiligindäki pikirleriň ylmy esasda çeper beýan edilýändigine we çuňňur mana eýedigine düşünýärsiň. Akyldaryň döredijiligini, terjimehalyny örän çuňňur hem-de ähli taraplaýyn öwrenmek türkmeniň bu dana oglunyň at-abraýyny, mertebesini has beýgeldip, öňküsinden-de ýokary belentliklere çykarjakdygyna ynanýarys.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.