DANA PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE TEBIGATYŇ WASPY

     Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen, ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip, Magtymguly atamyzyň döredijiliginiň bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny beýan edýär. Ol Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzydyr. Onuň döredijiliginde ata Watany söýmek, däp-dessurlara we ynsana uly hormat goýmak, tebigat gözelliklerine aýawly çemeleşmek ýaly ynsanperwer pikirlerdir öwüt-ündewler uly orun eýeleýär.

         Dana Pyragynyň şygyrlarynyň birnäçesi gözel tebigatyň belent waspydyr. Ata Watana, ene topraga, dogduk Diýaryň baglaryna, daglaryna, tereň derýalaryna, ümmülmez çöllerine, ýaşyl ýaýlalaryna bolan belent hem-de gyzgyn söýgüsi onuň durmuşyň ähli ugurlary bilen baglanyşykly ýazan goşgylaryna siňipdir. Nusgawy şahyrymyz «Soňudagy» goşgusynda:

         Kesgin-kesgin ýoluň geçer,

         Gyzyl baýyr göwün açar,

         Sowuk çeşme suwuň içer,

         Süri-süri malyň seniň

         - diýip, akyldar boýdan-başa gözel ýurdumyzyň tebigatynyň gözelligini: «Dürli-dümen otuň biter// Her deräň bir ile ýeter» diýmek bilen, tebigat bilen durmuşy sazlaşdyrmagyň ussatlygyny görkezýär.

Ussat şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda güneşli ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny hem-de baýlyklaryny, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini beýan edipdir. Goşguda «Gara dagdan iner sili türkmeniň» diýlip, suwlaryň, silleriň öz gözbaşyny daglardan alyp gaýdýandygy çeper suratlandyrylýar. «Çyrpynşar çölünde neri, maýasy» – diýlen setirde türkmen sährasynyň maldarçylygy, düýedarçylygy ösdürmek üçin örän ähmiýetlidigi beýan edilýär.

         Söz ussady tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeleri beýan edende göçme manyly sözlere aýratyn üns beripdir. Mysal üçin, şahyryň «Yzlamaýan bolarmy?» diýen elegiýasynda:

         Bir käkilik aldyrsa körpe balasyn,

         Saýraý-saýraý, yzlamaýan bolarmy?

         Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,

         Hasratyndan sözlemeýän bolarmy?

- diýip, tebigata ýüzlenýär. Ata-enäniň balasyna bolan tükeniksiz söýgüsini çeper deňeşdirmeleriň üsti bilen tolgundyryjy häsiýetde beýan edýär. Dana şahyr bu elegiýasynda şol döwürde bolup geçen wakalary haýwanlaryň durmuşyndan mysal alyp, özboluşly keşpde bermegi başaran ussatdyr.

     Şahyr tebigatyň haýsy bir ugruna ýüzlense hem, ony gönüden-göni türkmen durmuşy bilen baglaýar. Şeýle häsiýetli goşgularda halkyň ýaşaýyş-durmuşy, ekerançylyk medeniýeti, tebigata bolan garaýşy şöhlelenýär. Munuň şeýledigini, Magtymguly Pyragy bilen Durdy şahyryň  «Habar ber – şeýledir!» diýen aýdyşygynda hem görmek bolýar.

Magtymguly:

«O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?

O nämedir, aýagy ýok towusýan?

O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!».

Durdy şahyr:

«Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,

O ýylandyr, aýagy ýok towusýan,

O balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,

Bizden salam bolsun, jogap şeýledir».

- diýmek bilen, ussat Pyragynyň eserlerinde biz janly tebigatyň hakyky gözelligini görýäris. Çünki türkmen tebigatynyň keşpleri şahyryň eserleriniň agramly bölegini tutýar. Daglar, bag-bakjalar, guş-gumrular, çeşme-çaýlar, janly-jandarlar... Magtymguly atamyzyň döredijiliginde janly keşpde ussatlarça beýan edilýär.

     Gözel tebigatymyzyň gymmatlyklaryny giňişleýin öwrenmekde, ýaş nesillerde watançylygy, ynsanperwerligi, tebigata bolan söýgini oýarmakda şahyryň döredijiligi aýratyn ähmiýetlidir.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER