Şygryýetden söz açylanda ähli ynsanyň göz öňünde ilki bilen, türkmen şygryýetiniň şamçyragy, halkymyzyň şahyrana döredijilik dünýäsiniň soltany Magtymguly Pyragy janlanýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminäniň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragy söz meýdanynyň oragyny oran şahyr. Akyldar şahyr öz döredijiliginde ynsanyýetiň ykbalyna, ýaşaýşyna dahylly meseleleriň ählisine diýen ýaly ýüzlenipdir. Öňdengörüji, jahankeşde Magtymguly Pyragy jöwher paýhasyndan syzylyp çykan goşgularynyň üsti bilen türkmen halkynyň milliligini dünýä ýaýmakda ägirt uly iş bitiren şahsyýet. Onuň goşgularynda türkmeniň ýer-ýurt, tire-taýpa we adam atlary bilen bir hatarda mähriban topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň düşünjelerini atlandyrýan sözler hem köp duş gelýär. Şahyr söz mülkinde türkmeniň gözel tebigatynda bitýän ösümlikleriň, baý haýwanat dünýäsine degişli bolan nerdir maýanyň we beýleki haýwanlaryň atlaryny ýokary çeperçilik serişdesi hökmünde ulanypdyr. Türkmen halkynda ner güýç-kuwwatlylygyň nyşany hökmünde suratlandyrylýar. Şahyryň «Türkmeniň» atly goşgularyna ýüzlenip, muňa aýdyň göz ýetirmek bolar. Magtymguly Pyragy bu şygyrlarynda haýwanat dünýäsiniň wekilleri neriň we maýanyň atlaryny agzaýar.
«Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri, maýasy».
|
|
Akyldar şahyryň «Sen soltany, Abdylla», «Türkmeniň» atly goşgularynda ösümlik dünýäsinden reýhanyň ady gelipdir.
«Taňrym, nesibedir bir roýun gördüm, Ol baglaryň sen reýhany, Abdylla».
«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň».
|
|
Pyragynyň «Bar meniň» goşgusynda gözel dagly tebigatymyzyň bezegi bolan maralyň ady agzalypdyr.
«Deşte saýýat bolup girse, gutarmaz bir maraly, Bent eýlemiş bir zülpüne Kadyr Suhan bu haly,..».
|
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda dini düşünjelerdir garaýyşlar örän çuňňur manyda beýan edilýär. Aýratyn hem, şahyryň sopuçylyk ylahy akymyň pelsepesini beýan edişi deňsiz-taýsyzdyr. Şahyryň «Şol mähribanym geldi» atly goşgusynda tuba, ýagny jennetdäki ösümligiň ady agzalypdyr.
«... Kamaty serwi, tuba, Kaddy, özi münteha,...» |
Umuman, akyldar şahyryň şeýle goşgularyny sanasaň sogaby köp. Olaryň her birinde türkmeniň milliligi şugla saçýar. Türkmen halky şahyryň döredijiligine uly sarpa goýýar. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uly toý-dabara bilen bellemäge ýurdumyzda düýpli taýýarlyk görülýändigi muňa şaýatlyk edýär. Onuň döreden eserleri her bir türkmen ojagynda mukaddes saýylyp, tükeniksiz ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne setirleri bilen köňüllerde, ýüreklerde baky orun alan şahyrdyr.
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.