Şu gün TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Olimp» sport mekdebiniň 8-9-njy synplarynyň arasynda «ALTYN AŞYK» ady bilen breýn-ring intellektuwal bäsleşigi geçirildi. Oňa şol mekdebiň 8 synp oglanlary gatnaşdylar. Bäsleşik «Pähimli», «Paýhasly» diýen toparlardan düzülip, olar birnäçe şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşik diýseň çekeleşikli, gyzykly ýagdaýda geçip, onda toparlar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça «Paýhasly» topary ýeňiji bolup, olara TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýaşlaryň arasynda şeýle intellektuwal bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi olaryň akyl-paýhas we döredijilik ukyplaryny has-da giňden açyp görkezmeklige itergi bolup durýar. Ýaşlara ähli ugurlarda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Sülgün GARAGÖZOWA,
TMÝG--niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.












