Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 16-njy martda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasy Ahal welaýatynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleriniň işgärleri, Ýaşlar guramasynyň agzalary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Welaýat derejesindäki esasy bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň golaýyndaky ýörite taýýarlanan ýerde geçirilip, onuň barşynda 10 gektar meýdanda pürli bagyň 4 müň düýbi oturdyldy. Ýaşlar ýaş bag nahallaryny oturtmak bilen birlikde, ozaldan ösüp oturan baglaryň idegini ýetirmekde hem yhlaslylyk görkezdiler.
Dabaranyň geçýän ýerinde welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň, tans-halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli, şirin owazly, belent mukamly sungat çykyşlaryna, şeýle-de dürli baglaryň we bezeg ösümlikleriň sergilerine giň orun berlendigini hem bellemek ýakymly. Bu bolsa, ählihalk bag ekmek dabarasyna hakyky toý ruhuny berdi.
Mundan başga-da, TMÝG-niň Ahal welaýat we etrap Geňeşleriniň işgärleri özlerine berkidilen degişli ýerlerdäki baglara ideg etmäge aýratyn ähmiýet berdiler. Baglaryň düýbi ýumşadyldy agardyldy, daş-töweregi arassalandy.
Wepa ANNABERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.