Şeýle at bilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçlik guramalary we medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralyp, oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Bereketli toý saçagynyň başyna ýygnananlar baýramçylyk gutlaglary aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýylynda toýlarymyzyň toýa ulaşýandygyny, şanly senelerde ata-baba gelýän ajaýyp toý däplerimize eýerilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler, Milli bahar baýramynyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Dabara etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz, N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna utgaşyp, uly ruhubelentlige we şowhuna beslenen joşgunly aýdym–sazlar, döwrebap öwüşginli tanslar hemmeleriň şatlygyna şatlyk goşdy. Bu çykyşlarda bagtyýarlyga beslenen zamanamyzyň, gözel Diýarymyzyň, il-günümizi eşretli günlere ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwletli tutumlarynyň belent waspy öz beýanyny tapdy.
Maýsa MYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.