Şu gün — 20-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çäginde welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli geçirilen dabara beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, TMÝG-niň Ahal welaýat we etrap Geňeşleriniň wekilleri hem işjeňlikde gatnaşdylar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýaty boýunça 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirmek we şol ýerden 280 müň tonna hasyl almak maksat edinilýär. Şoňa görä-de, welaýatymyzda möhüm oba hojalyk çäresine ykjam taýýarlyklar bilen girişildi. Dabaranyň geçýän ýerinde tanymal aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, agrosenagat toplumynyň gazanan üstünliklerini, çarwa durmuşyny açyp görkezýän sergilere, şeýle-de amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine giň orun berildi. Welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen ussat aşpezleriň milli tagamlary taýýarlap duran pursatlary, ýaş türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça özara güýç synanyşýan görnüşleri dabara baý many öwüşginini çaýdy.
Dili senaly ýaşulularyň ýagşy dilegler bilen topraga gowaça tohumyny sepmegi dabaranyň iň esasy, ýatda galyjy pursatyna öwrüldi. Şol ajaýyp pursatdan soňra, kämil tehnologiýaly ekiji tehnikalaryň hem ekin meýdanyna girmegi welaýatda ýaz ekişine köpçülikleýin badalga berlendiginiň buýsançly alamaty bolup dabaralandy.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.