NOWRUZ GELDI, ILIME!

     Şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Tejen şäherindäki «Arzuw» toý mekanynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni  mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

     Etrabyň edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň we mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan dabarada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Etrabyň medeniýet merkeziniň bagşylarydyr sazandalarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda ata Watanymyzyň, taryhy döwrümiziň, Milli bahar baýramynyň, gözel türkmen tebigatynyň  waspy belentden ýetirildi.

     Bereketli toý suprasynyň başyna jem bolan bagtyýar ildeşlerimiz, şol sanda ruhubelent ýaşlar baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler, toýlary toýlara ulaşýan berkarar Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, barha arşa göterilýän şan-şöhraty barada buýsançly söhbet açdylar hem-de halkymyzy beýik döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aşyr AÝDOGDYÝEW,

TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA