TÜRKMEN WEKILIÝETI “ÝUNESKO-NYŇ NUKDAÝNAZARYNDAN TÜRK DÜNÝÄSINIŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNY ÖWRENMEK WE GORAMAK” ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞÝAR

     14-nji martda Azerbeýjanyň Baku şäherinde ýerleşen ösüş we diplomatiýa institutynda «ÝUNESKO-nyň nukdaýnazaryndan türk dünýäsiniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we goramak» atly temada maslahat öz işine başlady. Maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Azerbeýjan Respublikasynyň Milli topary, Halkara türk Akademiýasy, türk medeniýeti we mirasy Gaznasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýäniň Milli topary hem-de Azerbeýjanyň ösüş we diplomatiýa akademiýasy bilen bilelikde gurnalandyr.

     Maslahatyň işine Azerbeýjanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ynsanperwer, diaspora, multikulturalizm we din meseleleri boýunça bölüm başlygy Farah Alyýewa, medeniýet ministri Adyl Kerimli, Türki döwletleriň guramasy Kuwanyçbek Ömüralyýew, halkara TURKSOÝ guramasynyň baş sekretary Soltan Raýew, Türk medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasynyň prezidenti Aktoty Reýimgulyýewa, Halkara türk akademiýasynyň prezidenti Şahin Mustafaýew, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýäniň milli toparynyň başlygy Ojal Oguz, Atatürk adyndaky medeniýet, dil we taryh meseleleri boýunça Ýokary geňeşiň prezidenti Derýa Ors, syýahatçylyk boýunça Döwlet agentliginiň başlygy Fuad Nagyýew, «Içerişäher» döwlet taryh-binagärlik dolandyryşynyň goraghanasynyň başlygy Şahin Seýidzada gatnaşdylar we çykyş etdiler. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň başlygy Simona -Mirela Mikulesku maslahata gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly gutlagyny iberdi.

     Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, taryh we arheologiýa institutynyň alymlaryndan ybarat wekilýet gatnaşdy.

     Maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Azerbeýjanyň medeniýet ministri A. Kerimli türk medeni mirasyny goramagyň ýeke-täk usulynyň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Ol “Türk dünýäsi uly maşgaladyr. Türki döwletleriň baş sekretary G.Ömüralyýew Baku şäherinde geçirilýän halkara maslahatyň iňňän möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen türki döwletleriň baý medeni miras sanawynyň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.

     ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň başlygy Simona -Mirela Mikulesku maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip medeni mirasy goramagyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýändigini belledi.

     Öz gezeginde TURKSOÝ guramasynyň baş sekretary Soltan Raýew Azerbeýjanyň çäklerinde soňky 30 ýylyň dowamynda milli mirasy goramak barada alyp barlan netijeli işlere uly baha berdi.

     Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Azerbeýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasy tarapyndan XI asyrda ýaşap geçen tanymal türkmen alymy Mahmyt Kaşgarynyň «Diwany lugat-et türk» (“Türki dilleriň diwany”) sözlüginiň 290-ýyllygy mynasybetli gurnalan sergä gatnaşdylar.

     Maslahatyň ilkinji gününde türk dünýäsiniň medeni mirasyny goramak babatynda milli strategiýanyň we çemeleşmeleriň meselelerine bagyşlanan dört sany dürli ugurly mejlisler geçirildi. Onuň dowamynda türki döwletleriň bilermenleri çykyş etdiler we bu ugurda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.

unesco.gov.tm

Meňzeş habarlar