MAGTYMGULY PYRAGY-DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI ŞAHSYÝET

 Bu gün dünýä halklarynyň ünsi güneşli Türkmenistana gönükdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar ýokary derede bellenilip geçilýär. Özüniň beýikligini dünýä äşgär eden weli şahyrymyz Magtymguly Pyragy taryhymyzyň çylşyrymly eýýamynda hem, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda hem çäksiz söýginiň, uly hormatyň eýesidir. Bu bolsa akyldar şahyryň şygyrlarynyň ynsan durmuşynyň ähli pursatlary üçin ýazylandygyny subut edýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başlanan asylly işleri üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde akyldar şahyryň mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek maksady bilen, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sanawyna beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ilkinji gezek girizildi. Bu çözgüt 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde kabul edildi. Bu bolsa umumadamzadyň genji-hazynasyna ägirt uly egsilmez gymmatlyklary bilen düýpli miras galdyran türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynynyň dünýä jemgyýeti  tarapyndan uly hormata eýedigini görkezýär.

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem-de Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli «Magtymguly Pyragy-dünýä ähmiýetli şahsyýet» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa, Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň  kitaphanaçysy  Oguljan Mahmudowa,  TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni Sona Hudaýberenowa  çykyş etdiler. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawynyň ençeme ata-babalarymyzdan dowam etdirilip gelinýän maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen doldurylandygy, ýurdumyzyň aýratyn hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygy we  Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen gurluşlary, hususan-da ÝUNESKO - Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen özara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýet berilýändigi barada gürrüňler edildi.  ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna milli gymmatlyklarymyzy hödürlemek boýunça işler netijeli dowam etdirilýär.

     Duşuşygyň soňunda okuwçylar türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň birnäçe goşgularyny çeper okadylar we şahyryň synmaz sarpasyny beýgelden Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar