AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe bolýar.

      Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

      Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň  umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edip, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar

Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Her bir güni ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň her bir künjeginde halkara Nowruz güni uly şatlyk-şowhun beslenip giňden bellenilýär. Ynha ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar  mekdebinde hem Nowruz baýramçylygy giňden bellenilip geçildi.

      Baýramçylyk çäresi mekdebiň 7-10-njy synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik görnüşinde geçirilip, okuwçylar dünýäniň ençeme döwletlerinde bellenilip geçilýän, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy bolan Nowruz baýramynyň beýleki halklara mahsus bolan baýramçylyk däplerini görkezýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirdiler. Şeýle hem mekdebiň okuwçylary Nowruz baýramyny belläp geçýän halklaryň özboluşly milli tagamlary hem-de  milli egin-eşikleri bilen giňden tanyşdylar.

      Bize okamaga, öwretmäge we ýaş nesillerimizi milli watançylyk ruhunda terbiýeläp ýetişdirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ýöredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!

 

Jeren BADYÝEWA,
ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen Mary

şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar