Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalary türkmen halkynyň, esasan hem bagtyýar ýaşlaryň kalbyna egsilmez ruhy joşgun eçilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Çünki ýaşlar diňe bir döwletiň däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň geljegi hasaplanylýar. Ýurdumyzda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy biz bagtyýar ýaşlaryň buýsançly başyny göge ýetirdi.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň ýaşlar başlangyçlaryny we beýleki dürli taslamalaryň arasynda özara gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriň toruna 6 sany umumy bilim berýän orta mekdebiniň goşulmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO-nyň klublarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralaryň açylmagy bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykandygyny görkezýär.
Şu ýyl Türkmenistan döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygymyza 32 ýyl doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ÝUNESKO-nyň ylym-bilim, medeniýet baradaky alyp barýan işlerine türkmen ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagy halkara derejesinde giň taslamalary durmuşa geçirmäge uly itergi berýär.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary
welaýatynyň Baýramaly etrap geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.