ÝUNESKO: GELJEK NESILLER ÜÇIN MIRASY GORAMAK

Dünýäde ähli halklaryň taryhy we medeni gymmatlyklary bar. Bu baýlyklary gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek diňe bir ýurduň däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärçiligidir. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy – ÝUNESKO – şol maksada hyzmat edýän esasy guramalaryň biridir. 1945-nji ýylda döredilen gurama dünýäniň ýüzden gowrak ýurtlaryny birleşdirýär we medeni mirasy goramak, ylym-bilimi ösdürmek, tebigy baýlyklary gorap saklamak boýunça işleri amala aşyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda möhüm ädimleri ädýär. Medeni mirasy, taryhy şäherleri we tebigy baýlyklary bilen baý bolan ýurdumyz guramanyň dürli taslamalaryna gatnaşýar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýurduň taryhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, syýahatçylygy ösdürmek we geljek nesliň medeni bilimini ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ähmiýete eýedir.

ÝUNESKO tarapyndan amala aşyrylýan işler giň gerimi we dürli ugurlary öz içine alýar. Gurama tarapyndan öňe sürülýän esasy maksatlar – medeni mirasy goramak, bilim we ylmy ösdürmek we tebigy baýlyklary gorap saklamakdyr.

Medeni mirasy goramak guramanyň esasy işleriniň biridir. Bütindünýä medeni miras sanawy ÝUNESKO-nyň esasy taslamalarynyň biridir. Bu sanawa girizilen ýerler diňe bir taryhy gymmatlylygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem bilim we syýahatçylyk üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.

ÝUNESKO ylym-bilim ulgamlarynda hem dünýä ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlygy ösdürýär. Gurama okuwçylaryň we mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin dürli programmalary hödürleýär. Türkmenistan bu ugurda ÝUNESKO-nyň taslamalaryna gatnaşyp, täze bilim metodlaryny öwrenýär we ylmy konferensiýalara gatnaşmak arkaly halkara tejribeler bilen tanyşýar. Bu hyzmatdaşlyk ýurduň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we geljek nesliň bilimli bolup ýetişmegine uly goşant goşýar.

ÝUNESKO we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy taryhy, medeni we tebigy gymmatlyklary goramakda möhüm orun eýeleýär. Guramanyň işleri geljek nesliň bilimli, açyk pikirli bolup ýetişmegine ýardam edýär. Bu hyzmatdaşlyk milli mirasy gorap saklamak, halkara gatnaşyklaryny güýçlendirmek we dünýä jemgyýetçiligine öz goşandyny goşmak boýunça möhüm ädimdir.

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar