ENE HÜWDÜSI – IŇ KÄMIL ESER

      Gadymy mirasa baý halkymyzyň arasynda nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde öý-ojagyň mukaddesligi saýylýan zenanlarymyzyň maşgaladaky tutýan orny hem terbiýeçilik bilen baglydyr. Ene-mamalarymyzyň bu jogapkärli wezipäni birkemsiz ýerine ýetirmegi üçin esasy serişdesi ene hüwdüsi bolupdyr. Çünki, adam dünýä inenden gulagyna guýulýan ilkinji mylaýym owazy, ejesiniň mähribanlyk bilen ýerine ýetirýän hüwdüsidir. Sözlerine çaganyň düşünýändigine ýa-da düşünmeýändigine garamazdan, hüwdüleriň çaga terbiýesiniň belli-belli taraplaryna gönükdirilmegi, olarda gowy gylyk-häsiýetleriň teswirlenmegi uly ähmiýete eýedir. Ene ýürekden çykyp ýürege barýan hüwdüsinde, perzendiniň geljekde bagtly, sagdyn durmuşda ýaşap, terbiýeli, il-halkynyň, ata Watanynyň wepaly ogul-gyzlary bolup ýetişmegini arzuwlaýar. Mährem enäniň arzuwly kalbyndan dörän owaz bolsa, iň kämil eserdir. Bu barada Alym Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» eserinde şeýle belleýär: «Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär.»

      Hüwdi örän irki döwürde – Oguz han döwründe dörändir diýlip çaklanylýar. Çagany hüwdüleýän adamyň kimdigine görä, olaryň ýerine ýetirilişinde tapawutlyklar bar. Eger çagany ejesi hüwdüleýän bolsa, «ballym», «guzym» sözleri köp ulanylýar. Enesi ýa-da mamasy hüwdülese, bendiň iň soňky setirinde: «hüwdülesin enesi», «hüwdülesin mamasy» diýlen sözler, ýaş gyzlar ýerine ýetirse, bendiň soňunda «jigim» diýen sözler getirilýär:

Jigim jan-a ýaşynda,

Ýaşyl tahýa başynda.

Gümmürdeşer ak öýi,

Agalarynyň duşunda.

Hüwdüläýin jigimi,

Hüwwä, jigim, hüwwä-hüw.

      Hüwdüleriň mazmunynda-da üýtgeşiklikler bolýar. Olaryň mazmunynda gyza ýa-da oglana degişlidigi derrew aýan bolýar. Oglanlaryň edermen, batyr, mergen, gerçek ýigit bolup ýetişmegi arzuw edilýär. Gyzlaryň eliniň işli, çeper, bagtly bolmagy islenilýär:

Meniň jigim gül ýaly,

Aýda dokar bir haly.

Halysynyň bitimi,

Ýüz ellidir çitimi.

      Ýakymly aýdylýan hüwdüniň we sallançagyň yrgyldysynyň täsiri astynda çaga rahatlanýar we uka gidýär. Sallançak halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklarynyň biridir. Bäbek üçin enäniň mährem gujagynyň dowamy türkmen öýüniň törüni bezeýän sallançakdyr. Halkymyz üçin sallançak mukaddeslik, töründe akja bäbekli sallançak bar bolan öý döwletli hasaplanylýar. Taryhyň dowamynda kämilleşen sallançak bilen bagly halk arasynda däp-dessurlar, yrym-ynançlar hem kemala gelipdir. Zenanlarymyz sallançak gurmak üçin ýörite kilim, palas, hatda haly hem dokapdyrlar, owadan alajadan sallançagyň bagyny edipdirler. Sähetli günde çaganyň ejesine, enesine, mamasyna ýa-da obada hormatlanýan köp çagaly zenan maşgala sallançagy guradypdyrlar.

      Medeni mirasymyzyň bu däp-dessurlary häzirki günlerimizde hem ähmiýetini ýitirmän ýerine ýetirilýär. Sallançak we ene hüwdüsi milli hazynamyzyň naýbaşylary hökmünde goralyp saklanýar. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde alnyp barylýan işleriň hatarynda hüwdüni ýerine ýetirijilik sungatyny we çaga sallançagyny bejermek däplerini ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizmek babatda zerur işleri alyp barylmalydygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşyndan ugur alyp ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Çaga sallançagyny bejermegiň däpleri we hüwdüni ýerine ýetirjilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna girizmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýändigi aýratyn bellärliklidir.

      Milli mirasymyzyň şan –şöhratyny dünýä ýaýmakda uly tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun il-ýurt bähbitli, dünýä nusgalyk işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Gülnar KÜRENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi.

Meňzeş habarlar