DAŞOGUZ ŞÄHERINDE TÄZE SÖWDA MERKEZI ULANYLMAGA BERILDI

     Häzirki wagtda ýurdumyzda içerki bazary haryt bolçulygy bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylýan möçberleriniň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde, hyzmatlar ulgamyny we söwdany ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzyň işewürliginiň sazlaşykly ösüşi edara binalaryna bolan islegi ýokarlandyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu talaplara jogap edip, köpsanly edara ediş we täjirçilik binalaryny gysga wagtda gurup, taýýar görnüşde ulanmaga berýär.

     Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli, Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy köçesiniň ugrunda täze 2 gatly ilata durmuş taýdan hyzmat edýän «Derkar» söwda merkezi gurlup, ulanylmaga berildi. Söwda merkezinde türkmen önüm öndürijileri tarapyndan hödürlenýän hojalyk üçin niýetlenen howpsuz we netijeli himiki önümleriň giň toplumyny özünde jemleýän dükanlaryň birnäçesi ýerleşýär. Mundan başga-da, söwda merkezinde öý hem hojalyk üçin elektron önümleriň, dürli görnüşli enjamlaryň we harytlaryň uly toplumy bar.

     Häzirki wagtda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda dürli häsiýetli gurluşyk işleriniň agramly bölegini hususy telekeçiler alyp barýarlar. «Türkmen çarwa» hususy kärhanasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlen bu söwda merkezi köpçüligiň gelim-gidimli ýerine öwrüler.

 

Çynar MÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 2186 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4852 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY