Ýaýlama geýdirip ýaşyl donuny,
Dünýäni ýaz eýläp, Nowruz gelipdir!
Joşduryp tutulýan toýlaň şanyny,
Ajap owaz eýläp, Nowruz gelipdir!
Saçaklar doludyr naz-u-nygmatdan,
Köňüller serpaýly söýgiden, bagtdan,
Misli inen deýin Behiştden, Hakdan,
Bagta perwaz eýläp, Nowruz gelipdir!
Juwan ýürekleri bagtyýar edip,
Ilime täze bir bagty ýar edip,
Dünýä halklaryny dost-u-ýar edip,
Älemi saz eýläp, Nowruz gelipdir!
Bagtyň çür depesinde eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşaýan halkymyzyň her güni toý-baýramlara beslenýär. Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri hem gül Diýarymyzda tutumy uludan tutulýan Nowruz baýramydyr. Onuň şanyna çar ýanda şagalaň. Ýaz ýürekli adamlaryň kimsi ýaşyl ýaýladaky Ak öýlerde toý tutýar diýseň, kimsi döwletli ojaklarynda ber-başagaý bolup baýramçylyk saçagyny bezeýär... Juwan gyzlar läle kakyp, monjugatdy oýnap ýürek owazlaryny ýaňlandyrýan bolsa, goç ýigitler göreş tutup, at çapyp joşgunyny beýan edýär. Gözlerini ýola dikip, Nowruzyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşan gözel tebigatymyz hem toý lybasynda ýaşyl öwsüp sülmüräp otyr.
Nowruz – köňülleriň, ýürekleriň baýramy. Nowruz – halklary bir supra çagyryp, olaryň arasynda agzybirligi, parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrýan naýbaşy sene. Muny Nowruzda ýerine ýetirilýän däpleriň üsti bilen hem aýdyň görmek bolýar. Bu baýramçylykda taýýarlanylýan tagamlardan goňşy-golama hödür edilýär, olary baýramçylyk saçagyna çagyrýarlar. Nowruzyň esasy tagamy bolan semenini hem bir ýere üýşüp agzybirlikde taýýarlaýarlar. Semeni gaýnadyljak gazana atylýan duzuň ýedi öýden ýygnalmagy bolsa, türkmenleriň agzybir ýaşaýandygyny, başlary birdigini aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Muny akyldar şahyr Magtymguly Pyragy «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýip belleýän bolsa, Gahryman Arkadagymyz dürdäne setirlerinde «Halklar bir jebis maşgala, Ýaşasyn parahat durmuş!» diýip belleýär. Umuman, Nowruzda ähli ynsan ýüreklerde parahatlygyň baýdagyny dikýär. Hiç bir göwünde kine galmaýar. Çünki bu baýram täzelenişiň baýramy. Üç müň ýyllyk taryhy bolan, ynsanyýeti dost-doganlyga çagyrýan Nowruz ähli baýramlaryň seresi, dillerimiziň senasy. Onuň bellenilýän günlerinde ýüreklerimiz joşa gelýär.
Milli mirasymyzy gorap saklap, şeýle ajaýyp baýramçylyklary uludan bellemäge, yhlasly okamaga, döredijiligimizi giňden açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, ýörän ýoly ýörelge, sözlän sözi görelde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!
Garaşsyz Türkmenistan dost-doganlyk mekany,
Bagtyýar il ynamly barýar geljege sary,
Bu gün türkmen toýuna üýşdi doganlaň bary,
Goý, bu toýuň şowhuny bütin äleme dolsun!
Halkara Nowruz güni gutly-mübärek bolsun!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.