GÖZELLIGIŇ WE JOŞGUNLY ÝAŞAÝŞYŇ BAÝRAMY

     Pasyllaryň soltany bolan baharyň ajap çagynda giňden bellenýän Halkara Nowruz güni gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň nurana baýramydyr. Bu baýram dünýäniň ençeme halklarynda dabaraly bellenýär.

     Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-nji sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň  sanawyna girizilipdi, şondan köp wagt geçmänkä, ýagny 2010-njy ýylyň fewral aýynda  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen  her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilipdi. Munuň özi  bu senaniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bütin Gündogar halklarynyň Nowruz baýramyny uludan toýlamagynyň aňyrsynda uly many bar.  Halklaryň arasyndaky parahatçylygy berkitmekde  we adamzady parahatçylyga çagyrmakda bu baýrama uly ähmiýet degişlidir. Nowruz baýramynyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär, aýratyn tagamlar taýýarlanylýar, adamlar biri-biriniňkä maşgala bolup myhmançylyga barýarlar we köpçülikleýin dabaralar guralýar. Türkmen halky Nowruz baýramynda bereketli saçaklaryny has giňden ýazyp, toý gazanlaryny atarýar. Semeni halkymyzyň toý bezegini artdyrýar.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki nowjuwan baharynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasy  has-da görkana görünýär. Ol ýerde baýramçylyk dabaralary giň gerim alýar. Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri tarapyndan guralýan dabaralar bu gözel künjegiň toý keşbine özboluşly öwüşgin berýär.

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY