SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

      Şeýle at bilen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 19-njy orta mekdebinde 14-15 ýaşly okuwçy ýaşlaryň arasynda milli mergenlik oýny boýunça geçirilen ýaryş Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan bilelikde guraldy.

      Etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň esasy maksady türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaş nesliň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. Ýaryş okuwçy ýaşlara mergenlikde ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilik döretdi. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde etrabyň 19-njy orta mekdebiniň topary birinji, 1-nji orta mekdebiniň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiniň topary üçünji orunlara mynasyp boldular, Ýeňijilere Hormat hatlary gowşuryldy.

 

 Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA