Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyny şatlyk-şowhuna besläp, dag etegindäki al-ýaşyla bürenen keşbine özboluşly gözellik goşdy. Şanly dabara türki dilli döwletlerden gelen myhmanlar, köp sanly ildeşlerimiz bilen birlikde, welaýatymyzyň ýaşlary aýratyn uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Dabaranyň myhmanlary giň ýaýladaky milli öwüşginli tomaşalary uly buýsanç bilen synladylar, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň we fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
«Türkmeniň ak öýi» binasynda dowam eden dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara Gutlagynyň okalmagy aýratyn uly ruhubelentligi döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy gyzgyn garşylandy.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň owadan sahnasyny türki dilli döwletletiň sungat ussatlarynyň konserti bezedi, çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Tanymal aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans-halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren türkmen, özbek, gazak, türk, gyrgyz aýdym-sazlary, tans-döredijilik çykyşlary dost-doganlygyň özboluşly dabaralanmasy bolup, kalplary joşa getirdi.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.