EDEBIM — ALTYN, DÄBIM — DÜR

      Ata-babalarymyzdan galan pähimleri ýatlasaň, türkmen jemgyýetinde irki döwürlerden bäri goňşynyň has ýakyn saýylandygyny, oňa uly hormat we sarpa goýlandygyny aňmak kyn däl. Goňşularyň arasyndaky gatnaşyklar halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary esasynda has-da berkäpdir. Şol däp-dessurlarda bellenilişine görä, goňşularyň öňündäki borçlar şeýleräk kesgitlenilipdir:

      Özüň dok bolup, goňşyň aç bolmasyn. Allanyň beren rysgalyna ony hem şärik etmeli. 

      Goňşyňa azar bermeli däl. Aýdym aýtmak gaty gülmek, malyň, çagaň sesi bilen goňşyňy bimaza etmeli däl. Muhammet a.s. Pygamberimiz goňşysyna azar berýän adam dinden daş düşer diýipdir.

      Goňşyň haýsy milletden hem bolsa-tapawudy ýok, oňa sowgat edip durmaly. Goňşyň howlysyna boýnyňy uzadyp durmaly däl. Onuň itine hem azar bermeli däl.

      Goňşyň dilege gelende gapyny ýapmaly däl. Onuň çagasyna mähribanlyk bilen garamak goňşyňy sylamakdyr. Çagasynyň üsti ýa-da ýüzi hapa bolsa ony arassalap goýbermek hem goňşyňa bolan hormatdyr.

      Goňşyň beren sowgadyny peslemeli däl. Öýüňde bişýän tagamlardan goňşyňa dadyryp durmaly. Ol kesellän wagty onuň halyny soramaly. Goňşyň gyssaga düşüp, dady-perýat etse, eglenmän onyň dadyna ýetişmeli. Onuň begenen ýerinde begenmeli we gynanan ýerinde gynanmaly.

      Goňşyň saparda bolan wagtynda onyň maşgalasyna we jaýyna gözegçilik edip durmaly. Eger-de ol tabşyrman giden hem bolsa şu borjy bitirmek zerur.

      Jaýyňy satjak bolsaň, ilki bilen goňşyňa duýdurmaly. 

 

Laçyn AKYÝEWA, 

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY