SPORT — DOSTLUGA, SAGDYNLYGA ÇAGYRYŞ

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bebenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde has-da rowaçlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Beýik maksatlaryň rowaç alýan türkmen topragy dostlugyň, sagdynlygyň, gözelligiň mekany, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilime we sporta jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garaýar. Hut şonuň üçin ýurdumyzyň ylym-bilim we sport ulgamlarynyň işi döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Sporty özüne hemra edinen ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, okuwdan, işden boş wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Sport bilen meşgullanmak munuň özi saglykdyr we uzak ömürlikdir. Bagtyýar ýaşlarymyzyň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän ähli mümkinçilikler kalbymyzda berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza çäksiz buýsanç döredýär.

      Ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 5-nji sport mekdebinde orta mekdepleriň okuwçy oglanlarynyň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdik. Geçirilen sport ýaryşynda orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçy oglanlaryndan düzülen toparlar öz aralarynda duşuşyklary gurap, ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler. Ýaryşlar çekeleşikli we ruhubelentlik ýagdaýda geçdi. Turuwbaşdan gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bu sport ýaryşynda etrabyň 24-nji orta mekdebiniň oglanlar topary birinji, 42-nji orta mekdebiniň oglanlar topary ikinji we 34-nji orta mekdebiň oglanlar topary üçünji baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylyp, ýaşlara geljekde ata-Watanymyza wepaly, ylymly-bilimli, ruhubelent, sagdyn, kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.

      Ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

      Seýýara ROZYBAÝEWA,

 TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap

           Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY