Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz halkara giňişliginde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistan bu meselelere örän jogapkärli garamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge çynlakaý çemeleşýär. Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerinden aýawly peýdalanmak bütin adamzadyň geljegi üçin çözülmesi örän wajyp bolan çylşyrymly meseleler bolup durýar. Bilelikde tebigatdan jogapkärçilikli peýdalanmak ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, bu meseleleriň çözülmegi diňe dünýäniň ähli döwletleriniň tagallalarynyň birikdirilen ýagdaýynda mümkindir. Çünki tebigatyň döwlet serhedi ýok, dünýäniň bir künjünde dörän ekologiki işjeňlik beýleki bir künjüne öz täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ekilýän baglaryň, dürli gülleriň sany barha artýar, seýilgäh toplumlarynyň çägi giňeldilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararlaryna laýyklykda, her ýylda gök zolaklary döretmegiň barşynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň millionlarça düýp nahaly oturdylýar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu köpçülikleýin çäre ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany bolup durýar. Bularyň ählisi, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meselesiniň örän derwaýyslygyndan ugur alýandygyny, şeýle hem bu meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berýändigini alamatlandyrýar.
Döwran MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.