ÝAŞ NESIL BARADA ALADA

       Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de  terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda esasy wezipeleriň biridir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy bolsa biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.

       Häzirki wagtda ýurdumyzda iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, ukyply, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işler alyp barýar. Gurma birnäçe ýyldan bäri agzalaryny bir ýere jemläp, olaryň güýjüni hem-de ukyplaryny, bilimini, dünýägaraýşyny Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.

       Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezen, ähi ugurlarda tapawutlanan ýaşlara ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň, çagalara bolsa, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylmagy, şeýle hem «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary», «Ylham joşguny» we beýleki döredijilik bäsleşikleriň, dürli sport ýaryşlarynyň guralmagy ýaşlary täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

       Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň esasyny düzýär. Bu işler hem Türkmenistanyň magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.

       Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk terbiýelemekde bitirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY