HUKUK DÖWLETINIŇ ESASLARY

     Hukuk döwleti hökmany suratda adalatly döwlet bolmalydyr. Sebäbi hukuk hem-de adalat diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ösen döwletlerde hukugyň dabaralanmagyna adalatyň dabaralanmagy hökmünde garalýar. Hukuk başlangyçlarynda gurlan we hukuga tabyn bolan döwlet – hukuk döwleti diýlip ykrar edilýär. Uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy dünýä ykdysadyýeti bilen deň gadam urmaga, onuň ösüş kanunlaryna goşulyşmaga mümkinçilik berýär, munuň özi örän dogry ýoldur. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzyň kanunçylygy özgertmeler üçin işlemelidir.

     Döwrüň talabyna görä, Esasy Kanun hem, onuň esasynda kabul edilýän kanunlar hem ösýär, özgerýär, kämilleşýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmekligiň esasy ugrudyr. Döwlet gurluşynyň kanuny binýadyny has kämilleşdirmek maksady bilen, geçen taryhy döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalaryň birnäçesi girizildi. Türkmenistanyň Esasy Kanuny türkmen döwletiniň dünýäde tutýan ornuny kesgitledi. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan döwletimizde ösüşiň ähli ugurlary boýunça uly-uly sepgitlere ýetilýär.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda demokratik esaslar barha çuňlaşdyrylýar.  Hukuk medeniýeti we işi has-da pugtalandyrylýar. Halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler alnyp barylýar. Şeýle alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işleriň biri-de, Esasy Kanunymyzyň jemgyýetdäki ornuny we ähmiýetini güýçlendirmek hem-de kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işlerdir.  Konstitusiýa Esasy Kanun bolmak bilen, beýleki adaty kanunlardan tapawutlanýar. Ilki bilen, Konstitusiýa iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan kanundyr. Bu kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalarynda aýratyn bellenilýär.

     Gahryman Prezidentimiz döwletimiziň dünýä ösüşi bilen sazlaşykly hereket etmegini hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagyny esasy wezipe edip goýdy. Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzda düýpli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Ykdysadyýetde, bilim-ylym pudaklarynda, oba hojalygynda, daşary syýasatda amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriň ählisi öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda halkara ülňülerine laýyk gelýän, kämil milli kanunçylygymyzyň bolmaklygy döwrüň talaby bolup durýar.

     Şundan ugur alnyp, kanunçykaryjylyk işini ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ileri tutulýan ugra öwrülýär. Şunda hil taýdan täze derejä çykan we işjeň häsiýete eýe bolan parlament diplomatiýasynyň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Prezidentimiziň biz – milli parlamentiň deputatlaryna bildirýän uly ynamy halk arasynda ýygy-ýygydan bolup, öňde goýlan wajyp wezipeleri wagyz etmekde, ilat arasynda düşündirmekde zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz - deputatlar üçin öz saýlawçylarymyzyň ynamyna, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňümizde goýan wezipelerine mynasyp işlerimiz bilen jogap bermek baş maksatdyr hem-de aýdyň wezipedir.

 

Ýakup ATABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Öňki makala

ÝAŞ NESIL BARADA ALADA

Indiki makala

YNAMA YGRARLY ÝAŞLAR

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY