YNAMA YGRARLY ÝAŞLAR

     Ýaşlar  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen gurşalandyr. Ýaş nesilleriň  sagdyn, ruhubelent, bilimli bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler we oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada bu günki gün ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär. Döredilýän mümkinçilikler, üns-alada we goldaw-hemaýat üçin ýaşlaryň ýürekden çykýan buýsançly  sözleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlanýar.

     «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binägärlik taslamalaryna gatnaşyp, zehinlerini görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Taryhy öwrenmek, geçmişde ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluny bilmek we taryhy-medeni ýadygärliklerimizi sarpalamak ýaşlar üçin belent borç hem wezipedir. Şeýle hem, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna ýaşlaryň gatnaşyp, zehinini görkezmegi üçin   mümkinçilik döredilmegi baradaky kadanyň girizilmegi taryhy öwrenmäge höwesli ýaşlar üçin ajaýyp täzelik boldy.

     Ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarmagy, erk edip bilmegi, dünýä ösüşi bilen aýakdaş gidip, işjeň goşulyşyp bilmegi üçin sanly mümkinçilikleriň gerimi has-da giňeldilýär. Täzeçil usullar, sanly ulgam, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar döwlet ösüşiniň möhüm şertidir. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Bu ugurda ýaşlarymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljeginiň berk binýadyny ýaşlarda görýär. Olaryň dürli tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan baş alyp çykmagy üçin şertleri üpjün edýän ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Orta mekdeplerden başlap ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Sapaklarda öňdebaryjy tehnologiýalardan we kompýuter tilsimatlaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunlukda, ýaşlaryň olara erk etmegine mümkiçilik berýär. Ine, döwletimiziň binýatly geljegini biz ylmyň-bilimiň üsti bilen berk gurulýandygyny aýdyň görýäris.

     Biz — ýaşlar giň mümkinçilikleriň gurşawynda bagtyýar ýaşaýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni gurşawyna işjeň goşulyşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jebisleşip, Watanymyzyň kuwwatly ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okap, bilimimizi artdyryp, zähmet çekeris.

     Bize ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Bizi  ýagty geljege alyp barýan we her bir günümiziň bagtyýarlyga beslenmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Maýa ÇOWDUROWA,

TMGÝ-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY