Watan ― bu ynsanyň doglan mukaddes topragy, ol onuň kalbynda ebedi galýar we hiç haçan unudylmaýar. Watan düşünjesi we oňa bolan söýgi ene mähri, ene hüwdüsi bilen ýürege ornaýar.
Watan — biziň parahat ýaşaýşymyz. Biziň zähmet çekip iýýän halal çöregimiz, bagtyýar maşgalada çagalaryň bagtyna guwanyp ýaşamak. Watan mukaddesligi dogrusynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň pikirlerini siziň bilen paýlaşmagy makul bildik.
Dursunjemal GAZAKOWA,
Türkmenistanyň at gazanan artisti.
– Watan mukaddesligini onuň gadyr-gymmatyny duýup ýaşamak ynsanyň beýik duýgularynyň biri. Watan ynsanyň doglup, önüp-ösen ýeri. Onsoň bu gymmatlygy neneň mukaddes saýmajak. Watan ̶ barlyk, Watan ̶ biziň ylham çeşmämiz. Aýdymçy, bagşy hökmünde Watan hakdaky aýdymlaryň gymmaty, ony ýerine ýetireniňdäki beýik duýgy barada aýdasym gelýär. Watan hakdaky aýdymlar döredijilik çeşmäniň gözbaşy bolup durýar. Çünki Watany söýmek, oňa mynasyp perzent bolmak iň uly bagt. Goý bu bagtyýarlygy wasp edýän aýdymlar ömrümize hemra bolsun!
Begenç SAPARLYÝEW,
Kompozitor.
– Saz älemi ynsanyň kalp owazy. Döredijilikde Watan namasy her bir başyna baran işiň başlangyjy, ylham çeşmäň bolup hyzmat edýär.
Saz äleminde Watan mukaddesligini beýan etmek, Watan hakdaky döreden sazyňa aýdymçylaryň aýdym aýtmagy bu kompozitor hökmünde meniň göwün guşumy ganatlandyrýar. Ýazan eserlerimiň aglabasy Watan hakdaky aýdymlaryň sazlarydygyny aýratyn belläsim gelýär. Watan hakdaky sazlary döretmek döredijiniň Watana bolan buýsanjyny artdyrýar, ata Watana bolan söýgüsinden syzylyp kalpdan kalba sowgat bolýar. Goý Watan hakdaky şirin sazlar her bir ynsanyň kalbynda owaz bolup ýaňlansyn!
Hoşgeldi GARABAÝEW,
Alypbaryjy.
– Mukaddes borç, mukaddes duýgy bularyň ählisi Watan sözünde jemlenýär. Watan mukaddesligini öz zähmet çekýän käriňe siňdirmek ynsanyň manyly ýaşamagyna, netijeli zähmet çekmegine mümkinçilik berýär. Teleýaýlymlarda ýaýlyma gidýän gepleşikleriň arasynda Watan hakdaky mukaddes gürrüňler, çeper ýazgylar ähli alnyp barylýan işleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Isle aýdymçy, isle sazanda parhy ýok olaryň watansöýüjilik duýgusy, Watan hakdaky döreden eserleri gepleşigimiziň her sanynyň özenini düzýär. Asuda ýurtly, agzybir illi, parahat asmanly Watanymyzyň goýny mydama döredijilige we gözellige baý bolsun!
Guwanç ŞAMMYÝEW,
Sazanda.
– Watan hakyndaky islendik döredijilik ýoly beýikdir. Ynsanyň ýürek owazy siňen saz äleminiň açary Watan sözünden başlanýar. Ata Watan, ene topraga bolan beýik duýgynyň döredijilige siňdirilmegi bilen ynsan özüni bagtyýar, güýçli saýýar. Goý, Watan hakdaky beýik nama her bir ynsanyň kalbynda baýdak bolup parlasyn!
Taýýarlan: Şaperi OTUZOWA,
Murgap etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi.