Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy Ahal welaýatynyň ýaşlarynda aýratyn uly ruhubelentlik döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseri bu gadymy topragyň taryhyny has içgin öwrenmäge we onuň şöhratly geçmişine buýsanmaga özboluşly itergi boldy.
Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň birnäçe bapdan we bölümden ybarat bolmagy, onda Änew medeniýeti we bu gadymy şäheriň taryhy hem-de şu güni barada gürrüň berilmegi bizde aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Şoňa görä-de, täze kitaby elimize alyp, maňlaýymyza sylmaga howlugýarys.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem ýönelige däldir. Çünki bu şäheriň şöhratly taryhy bar. Ol gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanýar. Änew medeniýeti özüniň baý taryhy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni çekip gelipdir. Biz — ýaşlar Änewiň taryhy ýadygärliklerine ýygy-ýygydan syýahat edäris. Bu bolsa, şöhratly taryhymyza, gadymy mekana buýsanjymyzy goşalandyrýar.
Gülälek ORANÝAZOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.