Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi bilen, Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Watanymyzy onuň ak mermerli paýtagty şol gymmatlyklaryň mukaddeslikleriň hatarynda buýsandyrýar.
Gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat şäherimiz häzir wagtda dünýäni haýrana goýýar. Türkmen paýtagtynyň şu günki durky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda syýasy taýdan ösen ykdysady taýdan kuwwatly medeni derejesi kämil döwletiň paýtagty hökmünde ýer ýüzünde tanalýar.
Mähir ýylysyndan, köňül buýsanjyndan ösüş badyny alýan ajap paýtagtymyzyň durkuny günsaýyn gözelleşdirmäge gönükdirilýän düýpli çäreler Aşgabady dünýäde gündogaryň merjeni hökmünde tanadýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly merkezi şäherimizde alnyp barylýan ägirt uly gurluşyk işleriniň netijesinde paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlygy ajaýyp keşbe eýe bolýar.
Aşgabadyň nurana onuň şöhratly geçmişi şanly şu güni we röwşen geljegi bar. Döwlet baştutanymyzyň başlangyjy bilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze tehnologiýalaryň, ylmy ösüşiň iň soňky gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde gözel Aşgabat dünýäň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi.
Umyt NEDIROW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bölüminiň hojalyk işleri boýunça baş hünärmeni.