ARKADAG ŞÄHERI — MILLI BINAGÄRLIGIŇ NUSGASY

    Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyza çäksiz söýgisi bilen gysga wagtyň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr.

    Bu şäherde bagtyýar maşgalalaryň ýüzlerçesine täze jaýly, täze işli bolmagyň egsilmez şatlyk-buýsanjyny, nurana bagtyny peşgeş eden Arkadag şäheri döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemläp, köňüllere şatlyk paýlaýar. Şahyrlaryň wasp edişi ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap şäheriň gündizleri görkana, gijeleri nurana. Gijeki gözel görnüşler göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga meňzeýär. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelän Arkadag şäheriniň arhitektura keşbinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellikler bar.

    Türkmen halkyna şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Leýli DÖWLETOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY