Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sanly bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly ulgama geçmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilim edaralarynda alnyp barylýan işleriň öň hataryny düzýär. Şu esasdan hem ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Bilim edaralaryna täze tehnologiýalary we halkara ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň goldawy netijesinde alnyp barylýan bu işler kämil bilimli, giň düşünjeli ýaşlaryň kemala gelmegine giň şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň kompýuterler we barlaghana, multimediýa we lingafon enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, internet ulgamyna birikdirilmegi okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda nobatdaky ädimlerdir. Döwletimiziň bilim edaralarynyň arasynda, şeýle hem daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen uzak aralykdan onlaýn arkaly geçirilýän derslerdir bäsleşikler, okuw maslahatlary, sapaklar ýaşlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga, olaryň tejribelerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ýene-de soňky ýyllarda orta mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, Türkmenistanyň medeni mirasy, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, modelirleme, grafika ýaly dersler hem girizildi. Ýurdumyzda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda Türkmenistanda dünýä tejribesi işjeň öwrenilip, daşary ýurtlaryň bilim we ylym edaralary, merkezleri bilen gatnaşyklar hem berkidilýär. Sanly ulgama geçmek boýunça bu ädimler bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryna, dünýä ylmyndan habarly bolmaklaryna giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini öňe ilerletmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kämil bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Dünýägözel HAÝTYKOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata
etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.