SANLY ULGAM – SANLY DÜNÝÄ

     Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilip, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Häzirki döwürde ylym çalt ösýär, tehnologiýalar özgerýär, täze mümkinçilikler kemala gelýär. Şunda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine düşünýän hünärmenleri taýýarlamak, täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ornaşdyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm ugurlaryň biridir.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň we bilimiň ýurduň ykdysady hem-de durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär.  Edara-kärhanalaryň resmi web saýtlarynyň döredilmegi we internet serişdeleriniň elýeterli bolmagy ýurdumyzy döwrebap derejede ösdürilmegine uly goşant goşýar. Ulag we aragatnaşyk, söwda ulgamynda hödürlenilýän internet hyzmatlary halkymyzyň durmuşyny ýeňilleşdirýär. Döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzda sanly hyzmatlar ulgamynyň artmagyna giň ýol açylýar.

     Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdy. Bu bolsa ähli ugurlarda işleýän hünärmenleriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribeler alyşmaklygyna, online duşuşyklaryň guralmaklygyna oňyn täsirini ýetirýär. Durmuşymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde internet saýtlaryň, portallaryň, elektron neşirleriň mümkinçilikleriniň ähmiýetini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrmak işiniň ähli ugurlary öz içine alýandygyny şol san-da gurluşyk binagärlik ulgamynda hem sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen binýat bolan, Arkadag şäheriniň gurluşygynda «Akylly şäher» konsepsiýasynyň döwrebap mümkinçilikleri öz beýanyny tapýar. Munuň özi akylly öý, akylly tehnologiýalar ýaly serişdeleriň şäheriň durmuşyna çuňňur aralaşmagyny üpjün etdi. Arkadag şäherde ähli edaralaryň arasynda elektron arabaglanyşygy, elektron töleg hyzmatlary ýola goýuldy. Şäheriň ýaşaýjylary internet serişdeleriniň üsti bilen jemagat hyzmatlarynyň töleglerini we beýleki hyzmatlary amala aşyryp bilýärler. Bu bolsa milli şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zamanyň talabyna kybap derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Bize döwrebap mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Begmuhammet MEREDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam

we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar