MAŞGALADA ATANYŇ ORNY

     Maşgala barada söhbet açylanda, perzentler, olaryň terbiýeleri we ata-ene öňündäki borçlary barada belläp geçmek zerurdyr. Çünki perzent her bir maşgalanyň özenidir, ata-enesiniň göz-guwanjy, umytly geljegidir. Perzentler kemala gelip, özüniň ata-enesiniň tirseginden galdyrjak iň ýakyn hossarlarydyr.

     Aslynda perzent diňe kyn günde galanyňda, söýget bolmak üçin ýaradylmandyr. Perzentsizem gün-güzeranyňy görüp, şolarsyzam ähli zatlaryň çäresini tapmak mümkindir. Emma daşyňy gurşap aljak dowamatlaryň bolmasa, ynsanyň çekjek ruhy ejirleriniň melhemini hiç ýerden tapyp bolmaz. Şonuň üçin türkmenler «Çagaly öý – bazar, çagasyz öý – mazar»  diýip, örän jaýdar belläpdirler.

     Emma islendik maşgalany atasyz hem göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Dana pederlerimiziň «Ataň bolmasa, sen hem bolmazdyň, ekmedik bolsa, dünýä gelmezdiň». diýmekleri hem, ýöne ýerden däldir. Ynsanyň öz enesini Käbä deňeýşi ýaly, atasyny hem Kybla deňemegi şu nakyl bilen baglanyşykly bolsa gerek...

     Atanyň maşgaladaky orny barada gürrüň edilende, şahyryň şeýle setirleri seriňe gelýär.

Bolup ýörşüň hiç maňzyma batanok,

Käýýäp ýörmäge-de, ysanok bognum.

Saňa akylam-a gelerçe boldy,

Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!

     Goşgudan hem görnüşi ýaly, maşgalada perzentlerine, aýratyn-da, ogullaryna terbiýe bermekde atanyň orny diýseň uludyr. Munuň şeýledigine, durmuşdan hem käbir mysallary görkezmek bolar. Birden-kä çagalary garagollyk edäýen ýagdaýynda, ejeleri öz perzentlerine garap:«Haý, garagolja, akylly bol, ýogsa kakaň gelende, seniň bul bolşuň barada aýtmaly bolaryn» diýen sözleri şol çagalar üçin ýeterlik bolýar. Bu bolsa, çagalarynyň öz atalaryna goýýan hormatlaryndan nyşandyr.

     Her bir ata-enäniň arzuwy çagasynyň ula hormat goýup, kiçini sylap, edepli-terbiýeli, ylymly-bilimli, Watanyna, il-gününe wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegidir. Çagalarda şeýle ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmekde, olaryň ýaşlykdan kämil terbiýe almaklary zerurdyr. Bu babatda bolsa, ene-atanyň, has-da atanyň aýratyn wezipesi zerurdyr.

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY