WINDSÖRFING SPORTY

     Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek babatynda alyp barýan işleri sanardan köpdür. Şeýle zähmetiň netijesinde, milli sportumyzyň gerimi giňeýär, uly üstünliklere tarap ynamly öňe barýar. Ýaş türgenlerimiz halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek bilen, türkmen sportunyň älem giňişliginde at-abraýynyň barha artmagyna uly itergi berýärler. Şeýle hem, ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary ösdürilip, onuň üstüniň bolsa täze görnüşleri bilen ýetirilýändigi aýratyn buýsandyrýar. Häzirki wagtda hokkeý, awtosport, buzda typmak, emeli derýada küreklemek, ýagny baýdarka we kanoe boýunça küreklemek ýaly täze ugurlaryň peýda bolmagy, ýurdumyzda sporta berilýän ünsüň uludygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Şeýle sport ugurlarynyň biri hem windsörfingdir.

     Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip gelýän Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasy hem-de Windsörfing Hünärment Assosiasiýasy (PWA) bilen windsörfing boýunça «Dünýa kubogy – 2014» bäsleşiginiň bir tapgyryny Awazada geçirmek boýunça baglaşylan şertnama laýyklykda, ýurdumyz windsörfing boýunça dünýä Kubogynyň sanawyna ilkinji gezek girdi. Bu halkara ýaryşyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilmegi ýaş türkmen türgenlerini has-da begendirýär. Bu bolsa, sportuň suwdaky görnüşleriniň ähmiýetiniň ýokarlanmagyna uly badalga bolýar. Windsörfing boýunça «Dünýa kubogy» ýaryşynyň üçünji tapgyry «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Bu ýere, umumylykda alanyňda, 22 ýurtdan 80 töweregi türgen gatnaşdy.

     Windsörfing sportuň täsin görnüşleriniň biri bolup, suw sportunyň çylşyrymly görnüşi hasaplanylýar. Ýurdumyzda ýelkenli sporty giňden ornaşdyrmak aýratyn wezipeleriň biri hasaplanýar. Windsörfing sporty bolsa, bu babatda ädilen ilkinji ädimdir. Windsörfing adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklaryň bir pursady. Windsörfing bilen meşgul bolýan türgenler fiziki hem-de ruhy taýdan berkeýärler. Sportuň bu görnüşi bilen meşgul bolmak arkaly, olarda fizikanyň kanunyna erk etmäge başarnyklar döreýär. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi boýunça taýýarlanýan windsörferleriň, ýagny türgenleriň sany barha köpelýär, şonuň bilen bir hatarda, oňa tomaşa edesi gelýän muşdaklaryňam sany azalanok. Dogrudanam, kim öz gezeginde tolkun bilen birlikde suwda ussatlygy bilen, balyk kimin ýüzüp barýan türgene tomaşa edesi gelmez?! Öz döwründe şeýle ussatlyklary görkezip, dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan belli türgenler göz öňüňe gelýär. Irlandiýaly Finian Maýnard, fransiýaly Antuan Albo, şweýsariýaly Karrin Jaggi, awstraliýaly Žan Daddo, amerikaly Sam Bradfield, germaniýaly Býorn Dankerbek ýaly türgenler windsörfing ugry boýunça dünýä aýan bolan meşhur türgenler hasaplanylýar. Islendik sport bilen meşgul bolýan şahsyň durmuşy sagdyn we kämil bolýar. Bu windsörfing babatynda hem şeýledir.

 

Ýeňişmyrat NEPESOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY