Şu gün gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäginde «Türkmen topragy – gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat forumy boldy. Oňa ýurdumyzyň, şeýle hem, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň işi «Türki medeniýetiniň bitewüligi we metbugatda tutýan orny», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Sanly metbugat we täzelikler», «Filmler, animasiýalar we film festiwallary» atly 4 bölümde geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 26-njy martda Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň açylyş dabarasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Dabaranyň çäginde gurnalan şekillendiriş we amaly bezeg sungaty ussatlarynyň, fotosuratçylaryň eserleriniň – türki halklaryň wekilleriniň eserleri sergisi has-da täsirli boldy. Bulardan başga-da, myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine we paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine ýörite gezelençler guraldy.
Mähri BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň agzasy.