BUÝSANDYRYJY WAKALAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günimiz toýdyr baýramlara beslenýär. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu şöhratly wakalaryň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýy bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Magtymguly Pyragy goşgularynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi giňden wasp eden, adamzat kalbynda orun alan dana şahyrdyr. Bu gün onuň pähim-paýhasa eýlenen eserleri dünýäde jebisligiň, dost-doganlygyň aýdymy bolup belentden ýaňlanýar. Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi dana Pyragynyň şan-şöhratynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Akyldar şahyryň adyna badaşan ýylymyzda ähli türkmen halkyny begendiren ýenede bir şatlykly hoş habar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny sowgat bermegidir. Bu taryhy wakanyň şanyna ýurdumyzyň çar künjeginde dabaralar yzygiderli geçirilýär. Baýramlaryň, toýlaryň goşa-goşadan gelýän ýurdunda ýaşamak, döretmek uly bagtdyr.

 

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY