Özüniň mukaddesliklerini gözüniň göreji deýin goraýan eziz halkymyz ýene-de bir asylly işiň şaýady boldy. Mälim bolşy ýaly on bir aýyň soltany hasaplanýan Remezan aýynda ata – Watanymyzda hajy Arkadagymyzyň hut özüniň açyp bermeginde Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň açylmagy bu mukaddes aýda göwünlerimizi ganatlandyrdy. Metjidiň özboluşly gurluşygynda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik usullarynyň ulanylmagy, gümmeziniň beýikliginiň 30 metre deň bolup, onuň hem bir aýyň 30 gününi aňlatmagy, uly gümmeziň gyrasynda 24 sany penjiräniň ýerleşdirilip, bir gije-gündizi alamatlandyrmagy, binanyň bezeginde bolsa mukaddes Gurhanyň sürelerinden ýazgylaryň ýerleşdirilmegi metjidiň gurluşygyna yhlas bilen çemeleşilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň metjidiň we sadaka jaýynyň çyralarynyň şekillerine, gümmeziniň diwarlarynyň bugdaý şekilinde bolmagyna, diwarlaryna nesilbaşymyz Oguz hanyň nyşanyny aňladýan sekizburçly nagyşlar çekilen metjidiň mährabynyň ýokarsyndaky yşyklandyryjydaky arapça ýazylan «Alla» ýazgysyna ünsi çekmegi sogaplaryň esseläp beriljek aýynda Milli Liderimiziň edýän sogaply işleri, haýyr-sahawatlary, agzaçar sadakalary biziň ählimize nusgalyk göreldedir.
Bu mukaddes ýerde geçirilen agzaçar sadakasynda hajy Arkadagymyzyň Seýit Jemaleddin metjidiniň taryhy, halk arasyndaky bu metjit baradaky rowaýaty täsirli gürrüň bermegi we täze açylan metjide Seýit Jemaleddin metjidi diýip at bermekligi ak sakgally ýaşullylara teklip etmegi halkymyzyň döwletli işe sala-salşykly çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mukaddes saçagyň başynda hajy Arkadagymyzyň: «Adamlary hallalyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýeti uludyr» diýip bellemegi halkymyzyň asyrlar boýy saklap şu günlere ýetiren däp-dessurlary, ynsanperwer häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmekde biz ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebidir.
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.