DÖWLET HYZMATLARYNDA SANLY ULGAM

      Türkmenistanyň Prezidentiniň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty ähli sebitleri gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligini we halkymyzyň durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen.

      Häzirki wagtda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron ulgamy özleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şu jähetden, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim we önümçilik aragatnaşyklary pugtalanýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki, tehnologiýa we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.

      Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar.» diýlip kesgitlenen. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin öz beýanyny tapýar.

      Agzalan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hatarynda 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny aýratyn bellemek bolar. Kanun jemi 28 maddadan ybarat bolup 5 baby öz içine alýar. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda elektron hökümet – maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy bolup durýar.

      Kanunyň elektron döwlet hyzmatlaryny köpugurly «bir penjire» ýörelgesi boýunça ýerine ýetirmek hakyndaky 10-njy maddasyna laýyklykda Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň şeýle hyzmaty ýerine ýetirmek üçin beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary hem-de maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly «bir penjire» ýörelgesi boýunça amala aşyrylýar. Şunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasy görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly sargyt edijini gatnaşdyrmazdan özbaşdak alýar.

      Alymlaryň bellemeklerine görä, «Bir penjire» – bu söwda we ulag amallaryna gatnaşýan taraplara import, eksport we tranzit bilen baglanyşykly ähli kadalaşdyryjy talaplary ýerine ýetirmek üçin ýeke giriş ýoluny ulanyp, standartlaşdyrylan maglumatlary we resminamalary ibermäge mümkinçilik berýän guraldyr.

      Umuman, sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine uly itergi bermek bilen, Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, döwrebap ösüşi gazanmaga, jemgyýetde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Gurban MYRADOW,

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň

jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY