ÝAŞLARYŇ DURMUŞYNDA ŽURNALISTIKANYŇ ORNY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şunuň bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösýär, özgerýär. Her bir ösýän ulgamyň ýeten belent sepgitleri biz — ýaşlaryň durmuşynda hem uly orun eýeleýär. Watanymyzyň şu günki bagtyýar we abadan durmuşyny giňden beýan etmek, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri wagyz etmek esasy bildirilýän talap bolup durýar.

         Häzirki döwürde köpçilikleýin habar beriş serişdelerine bildirilýän talaplar dünýä ýüzünde örän ýygjamlaşdy. Häzirkizaman tehnikasynyň we tehnologiýasynyň ösýän döwründe habar uly ähmiýete eýe boldy. Döwletimizde hem žurnalistika uly üns berilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tehnikasynyň we tehnologiýasynyň iň häzirkizaman görnüşleri ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýar. Bu ornaşdyrylýan häzirkizaman tehnologiýalar bolsa, ýaş žurnalistleriň hünär ukybyny kämilleşdirýär. Munuň şeýledigine, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäriniň açylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hünärler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hereket edýär. Bu bilim ojaklarynda žurnalistika ugrundan bilim alýan diňe bir žurnalistika hünäri däl, eýsem geljekki ýaş žurnalistleriň hünärini ýokarlandyrmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerine degişli täze okuw dersleriniň girizilmegi hem uly ünsi çekýär.

         Žurnalistikanyň ýaşlaryň durmuşynda möhüm  ähmiýeti bar. Žurnalistika ýaşlaryň dünýä ýüzünde bolup geçýän täzeliklerden habarly bolmagyna, erjel, dünýägaraýşynyň giň bolmagyna getirýär. Bu bolsa, ýaş žurnalistlerden irginsiz gözlegi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň birinde: «Žurnalistler döwrüň täzelikleri bilen aýakdaş gitmelidir» diyip, sargyt etdi. Biz – ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesinden ugur alyp, her birimiz saýlap alan asylly  kärimizde, hünärimizde ukybymyzy mydama kämilleşdirmelidiris. Munuň üçin bolsa, bizde ähli mümkinçilikler, şertler bar.

 

Serwi AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY