Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde, medeniýetde, sungatda öz mynasyp ornuny tapýar. Häzirki wagtda türkmeniň milli medeniýeti, sungaty has hem ösýär we halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär.
Gadymdan gelýän türkmen halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip we kämilleşip gelýär. Ol türkmen halkynyň gelip çykyşy, ösüş taryhy, ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annabibi Islamowanyň 70 ýaş ýübileýine bagyşlanan haly önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Halkymyzyň özboluşly nyşany, naýbaşy gymmatlygy bolan haly we haly önümleri halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny giňden şöhlelendirýär.
Haly dokmaçylygynyň milli däplerini dowam etdirijileriň biri hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annabibi Islamowadyr. Ussadyň döreden halylary özünde gadymy däpler bilen täze usullary sazlaşykly utgaşdyrmagy başarýar. Halypanyň döredijiliginde haly we haly önümleri pikirleriniň täzeçilligi bilen tapawutlanýar.
Sergide görkezilen haly we haly önümleri tutuş diýarymyzyň çäklerinde giňden ýaýrap, halkymyzyň jemgyýetçilik mirasyny özünde jemleýär. Nesilden-nesle geçirilip dowam etdirilýän türkmen haly eserleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary netijelere eýedir.
Sergide görkezilen haly önümlerinde taryhyň çuňňur köklerinden gözbaş alýan gadymy däpleri we milli özboluşlylygy çeper beýan edilýär. Halylar ençeme döwürleriň içinden eriş-argaç bolup geçip, öz bezeg aýratynlygynda türkmen halkynyň taryhyny we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýärler. «Ýaňa guşly teke gölli haly», «Dyrnak gölli haly», «Derweze gölli haly», «Kilim», «Şemşat gölli haly», «Kerwen saraý», «Guş aýakly haly», «Agzybirlik» atly eserler täze reňk öwüşginleri hem-de döwrebap durmuş üstünlikleri bilen baýlaşyp, çeper ösüşiň şekili bolup öňe çykýar.
Annabibi Islamowanyň halyçylyk sungatynda has çuňlaşdyrylan ýordum taslamasy 1985-nji ýyla degişli «Derweze gölli haly» eserinde ör-boýuna galýar. Halynyň reňk çözgüdi, takyk işlenilişi we tekiz üst ýüzi awtoryň ussatlygyndan habar berýär. Eger halynyň gyralarynda gulp we bossan nagyşlary ýerleşdirilse, onuň merkezini derweze atly äpet göl eýeleýär. Ol Lebap welaýatyna, ärsary tiresine degişlidir. Şu häsiýetli göller içki tarapynda dört bölege bölünip, olarda ýagty we garaňky ýerliklerde ösümlik nagyşlary şekillendirilýär. Şeýle gadymy äheňlere ýüzlenmek bilen halyçy eseriniň emosional täsirlerini hem güýçlendirýär. Eserde öz hünäriniň eýesi bolan A.Islamowanyň, ýagny suratkeş zenanyň duýgulary, gylyk-häsiýetleri hem öz beýanyny tapýar.
Halypanyň döredijiliginde uly ölçegli halylardan başga-da, kiçiräk kilimler hem duş gelýär. Olar öz işleniliş aýratynlygy boýunça halyçynyň uly halylaryna meňzeşdir. Sebäbi ölçegine garamazdan, bu kilimlerde hem halkymyzyň gadymy däplerine daýanyp, özboluşly öwüşgin çaýýan çeper ussadyň döredijilik häsiýeti jemlenýär. Yhlasyny gaýgyrman irginsiz zähmet çekýän halyçynyň ady biziň günlerimizde diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar.
Bu sergide A.Islamowanyň dürli görnüşde döreden ýan torbalary hem görkezildi. Halyçynyň 2001-nji ýylda döreden «Sport ýan torbasy» özüniň nepisligi we ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da onuň 2002-nji ýylda döreden «Pyçgy gölli ýan torbasy» kiçi ölçegli bolup, ol inçe işlenendigi bilen görenleri haýran galdyrýar. Onda görkezilen pyçgy göli täze manyly bolup, aýdyň çeperçilik häsiýeti we bütewi taslama bilen jemlenýär.
Dürli haşam we geometriki şekilleriň sazlaşygy 2005-nji ýylda döredilen «Guş aýakly haly» eserinde öz beýanyny tapýar. Olarda gadymdan gelýän nagyşlar we göller täzeçe äheňde ýerleşdirilipdir. Taslamalar deňölçegli kese we dik çyzyklara bölünýärler. Taslamanyň şular ýaly şertli bölünişi esere täzeçillik, döwrebaplyk beripdir. Halydaky her bir zolak aýratyn nagyş äheňini ýüze çykarýar. Halynyň reňk düzümi saldamly we oýlanyşykly tapylypdyr. Nusgawy gyzyl reňkiň agdyklyk etmegi halynyň açyk melemtil ýerliginden çürt-kesik tapawutlanýar. Halynyň gyralarynda ak nagyş, şeýle-de geometriki şekiller ýerleşdirilýär. Olaryň arasynda romb we labyr (ýakor) şekilli nagyşlar aýratyn tapawutlanýar.
Annabibi Islamowanyň inçe düýe ýüňünden dokan äpet göwrümli «Agzybirlik» (2015) saçagy halyçynyň esasy buýsanjy hasaplanýar. Bu mukaddes supranyň ölçegi 5 m² barabar bolup, oňa bir wagtda ýigrimä golaý adam ýerleşýär. Bu önüm çylşyrymly gaýma usulynda ýerine ýetirilipdir. Saçak «asyk» nagyşly milli bezegi bilen tapawutlanyp, onuň dört künjünde ak atlaryň keşbi görkezilýär. Bu eser hem öz gezeginde ýokary derejede bahalandyryldy.
Ussat halyçynyň ýerine ýetiren eserlerinde tebigatyň gözelligi, milli däp-dessurlarymyz, ata-babalarymyzyň taryhy geçmişi we ýurdumyzyň bagtyýar zamanada gazanan ýokary üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Öz Watanyna ak ýürekden hyzmat edýän çeper elli halypa öz egsilmez döredijiligi bilen mukaddes ýurdumyzyň medeni mirasyna saldamly goşandyny goşýar.
Şirin JANEKOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.