Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygryndan şygar alan bu sahawatly ýyl şanly senelere, taryhy-syýasy ähmiýetli wakalara hem-de belent üstünliklere beslenýär. Halkymyzyň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygynyň gabat gelmegi özboluşly many-mazmuna eýe bolýar.
Dünýäniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde mätäje hemaýat bermek, haýyrly amallary ileri tutmak ýaly ynsanperwer pikirlere hem-de durmuş ýörelgelerine giň orun berilýär.
“Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.”
Akyldar şahyrymyz müň keren mamla! Merdana halkymyz ynsanperwerlige, haýyr-sahawata aýratyn gadyr goýýar. Pederlerimiziň ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda giň gerime eýe bolýandygy bolsa kalbymyza egsilmez buýsanç bagyşlaýar. Diňe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem-de onuň hasabyna amala aşyrylan ägirt uly sahawatly işleriň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirýäris. Täze taryhy döwrüň sahawat nury halkymyzyň kalbyna mähir, nurana geljegine ynam bolup ornaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar» diýip, bellemegi-de ýurdumyzda mundan beýläk hem halkymyzyň müňýyllyklaryň synagyndan geçen ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriniň dabaralandyryljakdygynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň hasabyna toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergileri geçirilen çagalaryň ençemesi häzirki wagtda güneşli Diýarymyzyň goýnunda sagdyn, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny, hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherdir etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň sowgat berilmegi hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini alamatlandyrýar. Şeýle hem, haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi, olaryň saglygynyň dikeldilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.
Dost-doganlyk döwletleri bilen dürli ugurlarda hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli hyzmatdaşlygy ýola goýýan Bitarap Türkmenistan döwletimiz doganlyk halklara kyn gününde doganlyk goluny uzatmagy, hemaýat bermegi daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry hökmünde kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny belent buýsanç bilen göterýän haýyr-sahawat gaznanyň serişdeleriniň hasabyna tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary halatlaryň ýüze çykan dost-doganlyk döwletlere ynsanperwer kömekleri yzygiderli berilýär. Gaznanyň çäklerinde amala aşyrylýan belent ynsanperwerlik häsiýetine eýe we haýyr-sahawatly işler dünýä jemgyýetçiliginiň, abraýly halkara guramalarynyň belent ykraryna mynasyp bolýar.
Golaýda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin diýen Güwänamany gowşurmagy hem sözümiziň aýdyň hakykatydyr.
Durmuşymyzyň mazmunyna, ömür örkümize deňelýän çagalar döwletli ojaklaryň “altyn aşygy”, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleridir, berkarar döwletimiziň mizemez sütünleridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Giň gerime eýe bolýan ynsanperwer işleriň netijesinde berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiziň hemişe üns-alada bilen gurşalýandygyna şaýat bolup, her bir ynsanyň kalby bagtyýarlyga, belent buýsanja beslenýär.
Welimyrat ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.