Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş merkezinde bejergi alýan çagalaryň, Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirilýän halkara olimpiýada gatnaşan okuwçylaryň şeýle hem «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmagynda medeniýetli dynç alyş çäresi guraldy. Çäräniň dowamynda ýaş nesilleriň ýüzlerinde şatlykly ýylgyryş dowam etdi. Çaga kalbynda ýakymly ýatlamalary galdyrjak bu agzybir dynç alyş hemmelerde täsirli duýgulary döretdi. Mundan başga-da bu ajaýyp binanyň çäginde çagalar özleri üçin niýetlenilen aýdym-sazlara, şowhunly çykyşlara tomaşa etdiler. Ýaş nesiller üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan nesilleriň her biriniň kalbynda ýagty ertirlere öçmejek umytlary, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz söýgi we hoşallyklary bar.
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.