Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ulgamy täze belentliklere çykarmak ugrunda edýän tagallalary netijesinde çagalar baglaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplere çenli ähli bilim ojaklarynda ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesi we hili düýpgöter özgerdi. Bu gün bilim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterler, multimedia-interaktiw enjamlar, döwrebap okuw görkezme esbaplary bagtyýar nesliň hyzmatynda bolup, olaryň ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine we sagdyn ruhly bolup ýetişmegine hyzmat edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň açylmagy we üstünlikli hereket etmegi hem ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän ajaýyp işleriň barha rowaçlanýandygynyň alamatydyr. Daşary ýurt dillerine, matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer bilimlere hem-de beýleki ugurlara ýöriteleşdirilen bilim ojaklarynda ýaşlarymyzyň rus, iňlis, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý dillerini çuňňur öwrenmegine uly mümkinçilikler bar. Galyberse-de, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle üç dili öwretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemelidiris. Bu zatlar Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr.
Hormatly Prezidentimiziň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek boýunça degişli resminama gol çekmegi ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, ählitaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.
Täze taryhy döwrümizde giň dünýägaraýyşly, ruhubelent nesliň kemala gelmegi ugrundaky taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Rüstem MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýaty Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.