ÄNEW MEDENIÝETI — GYMMATLY MIRAS

     Her bir halkyň özüne degişli taryhy, milli medeniýeti bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem dünýäde hiç bir halkyňka meňzemeýän şöhratly we baý taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçmegi, Watanymyzyň taryhy – medeni ýadygärlikleriň ýüzlerçesini özünde jemlemegi türkmen halkynyň şöhratly, baý taryhynyň bolandygyndan habar berýär.

     Gadymy Änew topragy hakynda gyzykly taryhy maglumatlar hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda has giňişleýin beýan edilýär. Ylmy we taryhy nukdaýnazardan seredeniňde-de örän gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu gollanma «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän şular ýaly ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun.

     Biz ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Pirnazar REJEPOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY