SAGDYN NESIL – SAGDYN GELJEK

     Ýaňy ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli Arkadag şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: Howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi” atly maslahat geçirildi.

     Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda geçirilen Hökümet mejlisinde “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda” döwletli Karara gol çekilipdi. Munuň özi ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýan “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäniň hakykat ýüzünde doly derejede durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

     Ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler bu Gazna tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gahryman Arkadagymyz Gaznanyň döredilen gününden bäri ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky hassahanalarda bejergi alýan çagajyklar hem-de olaryň ene-atalary bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklanýar. Kalplary arzuwdan doly çagalara atalyk howandarlygyny edýän Gahryman Arkadagymyz bu bagtyýar nesilleriň köňül islegi, ykballary, arzuwlary, hukuklary we borçlary barada gije-gündiz alada edýär.

 

     Gaznanyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahatda bular dogrusynda haýyr-sahawat gaznasynda bejergi alan çaga Amanow Muhammetalynyň ejesi Aşyrowa Jahan öz ýürek buýsançlaryny beýan etdi. Her bir ene üçin öz perzendiniň saglygyndan eziz zat ýok bolsa gerek. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu enäniň gözlerinde şatlyk, dillerinde alkyş bar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Ýüzlerçe çagalaryň geçirilýän bejergileri netijesinde sagdyn çagalaryň hataryna goşulmagy diňe bir onuň ykbalyny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem birnäçe umytsyz ene ýüreklerine öz perzentleriniň saglygyna müdimilik guwanmaga mümkinçilik berýär. Ata-babalarymyzyň ýetimi goldamak, mätäje hemaýat etmek, ynsanperwerlik, beýik adamkärçilik ýaly asylly häsiýetlerine eýerilip açylan bu Gaznanyň alyp barýan giň gerimli işleri diňe bir türkmen halkymyzyň däl, eýsem dünýä ýüzünde ençeme döwletleriň ýagty geljegine umyt berdi.

     Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizi iň abraýly döwletleriň hataryna goşmak, halkymyzy ählitaraplaýyn sagdyn, kämil jemgyýete öwürmek ugrunda alyp barýan işleri halkara derejesinde uly seslenmä eýe bolýar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahatda Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Palestina döwletleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň çykyşlarynda giňişleýin beýan edildi.

     Şeýle hem maslahatyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde gymmatly goşandy üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýörite Güwänamany gowşurdy.

     Bütin dünýä ýüzünde her bir ynsanyň ýagty geljegi üçin aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat

beriş bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY