ÝAŞLARYŇ BAGTYÝARLYGY UGRUNDA

     Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda duşuşyklary, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyndan ugur alyp Darganata etrabynyň 4-nji orta mekdebinde terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyk geçirdik. Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, internet torundan netijeli peýdalanmak babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň we ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz etmek boýunça geçirilen bu çärede täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyş eden ildeşlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri dogrusynda aýratyn nygtadylar. Şunda iň döwrebap ugurlaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ylmy esasda öwrenilmegine hem mümkinçilik döredilýär. Bu ugurda milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak arkaly sanly bilimi, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, işleri ylmy esasda takyk dolandyrmaga, halkyň aňynda ruhy galkynyşy belent derejelere çykarmaga hem giň mümkinçilikler açylýar. Watan mukaddesligini ýaşlarymyzyň kalbyna ornaşdyryp, türkmen ylmynyň ähli ugurlarda pajarlap ösmegini üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda bilim işgärleriniň, mugallymlaryň aýratyn paýynyň bardygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem bilim bermegiň iň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek baş maksadymyz bolup durýar.

     Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilim edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň zerurlyklar üçin ussat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Biz — ýaşlara döwür bilen aýakdaş gitmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli başlangyçlary elmydama üstünliklere beslensin!

         Ýolly ALLABERDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY