TÄSIRLI GEÇEN GEPLEŞIK

     Ýaňy ýakynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Aşgabat” teleradioýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik ýazgy edildi. Oňa TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň hünärmeni Baýmyradowa Ogulbäbek, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Garýagdyýewa Güljana hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Annageldiýew Hoşgeldi dagylar gatnaşdylar.

     Gepleşige gatnaşanlar häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda mümkinçiligi çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin uly aladalary edilýändigi, hem-de birnäçe döwletlere ynsanperwer kömekleriniň berilendigi barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrlyşyk dabarasy barada buýsanç bilen bellediler. Täze kitap halkymyzyň baý taryhyny öwrenmekde we ony giň äleme wagyz etmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän şular ýaly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.

     Türkmen halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda aladalary edýän, biz ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Maglumat beriş bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar