Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.
Sanly ulgamy ösdürmek halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Netijede, Diýarymyzda täze önümçilikler ýola goýulýar, ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky orny hasda pugtalandyrylyp, döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» tassyklanmagy, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmegine, maglumat bilim ulgamynyň döredilmegine, ýokary hilli elektron bilim maglumatlarynyň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020— 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» amala aşyrylmagy IT tehnologiýalaryna esaslanan netijeli, durnukly sanly ylym ulgamyny döretmäge ýardam berer. Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň, nouhaularyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň bu ugurda hasda kämilleşip, ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Bu babatda, öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjünçilik, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, okuw wideo we audio materiallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Şu ýerde, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndan ruhlanyp, bu ajaýyp eserde aýratyn bölüm hökmünde ýerleşdirilen «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň guramagynda ýörite telegepleşik ýazgy edilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ady bilen ýazgy edilýän bu gepleşikde sanly ulgamyň mümkinçilikleri, ösüşi we onuň ähmiýeti, häzirki zaman ýaşlarynyň ösen tehnologiýalara erk etmek başarnyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýanyny tapýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilip, has-da ösdürilýär. Umuman, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşine uly itergi bermek bilen, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik ykdysady işleriň ähli görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertini hasda ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Serdar GURBANMUHAMMEDOW
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy baş hünärmeni.