Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän Arkadag şäheri häzirki ajaýyp döwrümizde dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu günki gün Arkadag şäheri halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň, bäsleşikleriň hemde olimpiadalaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasyny geçirmek barada beýan edildi. Bu hoş habaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelmegi bolsa bilim işgärlerini diýseň buýsandyrdy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara matematika olimpiadasy Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw- terbiýeçilik toplumynda geçirilýär. Olimpiada şu ýylyň mart aýynyň 25 – 30-y aralygynda geçirilýär. Şu mynasybetli 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy.
Bu olimpiada daşary ýurtly okuwçylar hem gatnaşýarlar. Bäsleşik mekdep okuwçylarynyň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmek üçin şert döretmekde, şeýle hem hünär saýlamaga kömek etmekde ähmiýetli bolar. Olimpiada iki ýaş derejesinde geçiriler. 1-nji derejede 20 ýaşa çenli mekdebi tamamlan ýaşlar, 2-nji derejede bolsa 15,5 ýaşa çenli mekdep okuwçylary gatnaşyp bilýärler. Olimpiadanyň görnüşi bäş meseläni bäş sagadyň içinde çözmekden ybaratdyr. Oňa gatnaşýan ýurtlar hem bäsleşik üçin üç meseläni teklip edip bilýärler. Ýeňijilere altyn, kümüş we bürünç medallar, diplomlar gowşurylar. Bir meseläni doly çözen okuwçylar bolsa höweslendiriş şahadatnamalaryny alarlar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim syýasatynyň esasy maksady gazanylan tejribäni ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge gönükdirmekden, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary biziň hemmämizi Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Agamyrat HOJABERDIÝEW,
Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen
okuw-terbiýeçilik toplumynyň müdiri.
«Mugallymlar gazeti»
25.03.2024 ý.